TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR” ÝYLYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILDI

“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR” ÝYLYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň netijelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyplar we beýlekiler gatnaşdylar. Bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyrylan myhmanlaryň hatarynda goňşy we alysdaky birnäçe döwletleriň, şeýle hem halkara guralaryň – Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda gazanýan ähli üstünliklerimizde şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyzyň goşandynyň örän uludygy nygtalýar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi umumy mejlisde başlandy we ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ýörite bölümçelerde dowam etdi.

Şeýle hem, forumyň çäklerinde açylan sergide türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanan üstünlikleri görkezildi.