TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI

“DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Halkara bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty geçirildi.

Forumyň umumy mejlisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, halkara guramalaryň ýolbaşçy wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň ýokary derejesi we oňa gatnaşyjylaryň wekilçiligi Türkmenistanyň oýlanyşykly alnyp barylýan içeri hem-de daşary syýasatyna gyzyklanmanyň artýandygynyň, dünýä bileleşigi tarapyndan halkara howpsuzlygyny, durnuklylygy hem-de ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ornunyň we wajyplygynyň goldanylýanlygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Parahatçylyk we ynanyşmak forumynda öňe sürüldi. Bu başlangyç 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2023-nji ýyl- Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” kararnamasy esasynda biragyzdan goldanyldy.

Abraýly halkara guramalaryň we daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň orny, ýurdumyzyň ählumumy halkara meseleleri çözmekdäki işjeňligi barada gürrüň edildi hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglar ýaňlandy.

“Dialog- parahatçylygyň kepili” atly halkara forumynyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, onuň işi degişli tematiki 4 bölümçeler boýunça dowam etdi.

Halkara forumyň we onuň tematiki bölümleriniň işi jemleýji resminamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.