TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“TÜRKMEN BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLY” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

“TÜRKMEN BITARAPLYGY – PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLY” ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Adalat köşgünde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde gurnamgynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Türkmen Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatyň barşynda Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň maksatlarynyň baglanşygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi gazanmakdaky orny, Bitaraplygyň hukuk binýady boýunça çykyşlar edildi.