Ýunus MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Her ýylyň 18-nji maýynda ýurdumyzda ruhubelentlik bilen toýlanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramlary uly dabaralara beslenýär. 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi taryhymyzda täze sahypany açdy. Ýurdumyz ýaşyl Tugumyzyň astynda özüniň täze taryhy ýoluny şöhlelendirdi.
Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen, halkymyzyň mizemez jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ata-babalarymyzyň Watany söýmek, oňa wepaly bolmak barada bize galdyran wesýetleri Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapýar. Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, abadan durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň hukuk esasyny düzýän Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň konstitusion hukuklary kesgitlenendir we bu kepillikler her bir bagtyýar raýatyň beýik geljege bolan ynamyny has-da artdyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda her bir raýat döwlet tarapyndan özüniň aladasynyň edilýändigini gündelik durmuşynda bolup geçýän wakalarda görýär. Bilim almak, zähmet çekmek, erkin döredijilik, saglygy goramak, ruhy medeni taýdan kämilleşmek üçin döredilýän mümkinçilikler, iş haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi has kämilleşdirmek bilen ýörite döwlet maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda adamyň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň kepilidir. Türkmenistanyň her bir raýaty üçin döwlet nyşanlary mukaddesdir. Parlaýan ýaşyl Tugumyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň berkararlygynyň nyşany. 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda Döwlet baýdagynyň döredilen güni hökmünde altyn harplar bilen taryha ýazyldy.
Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyzyň, ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýändiginiň aýdyň subutnamadyr. Döwlet baýdagymyzda türkmen halysynyň gölleri, doganlygy hem-de agzybirligi, täzelenişi we ýaşaýşy alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý ýerleşdirilen. Baýdak halkyň maksatlaryny hem-de garaýyşlaryny äşgär edip, halkymyzda milli buýsanjy terbiýelemäge, olary jebisleşdirmäge hem-de adam mümkinçiliklerini doly açmak üçin döredijilik güýjüne beslenmäge gönükdirilendir.
Türkmenlerde «Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan» diýlen pähim bar. Dünýäniň ýüzlerçe döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl Tugumyz ruhumyzy ganatlandyrýar. Sebäbi biziň zeýtun baldajyklary ýerleşdirilen ýaşyl Tugumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletiň – Bitarap Türkmenistanyň bagtyýarlyk Baýdagy.
Eziz Diýarymyzyň ýaşyl Tugy BMG-niň agzasy bolup durýan döwletleriň baýdaklarynyň arasynda buýsançly pasyrdaýar. Goý, mundan beýläk hem ýaşyl Baýdagymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bitirjek beýik, ajaýyp işlerimiziň, ýagşy arzuw güwäsi hökmünde belentde parlasyn!