TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

HALKARA HYZMATDAŞLYGY WE SANLY ULGAMLARYŇ DURMUŞA ORNAŞDYRYLYŞY

HALKARA HYZMATDAŞLYGY WE SANLY ULGAMLARYŇ DURMUŞA ORNAŞDYRYLYŞY

Täçjanow ŞAMÄMMET,

Türkmenistanyň Döwlet,

hukuk we demokratiýa institutyň

hunärmeni

 

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, raýatlaryň iş üpjünçiligini we halkymyzyň durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem, bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilime we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi üpjün edýän sanly ulgama uýgunlaşdyrmakdan, ilatyň intellektual we durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrmagyň ýokary wezipelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň talaplaryny öňe sürüp, halkara hyzmatdaşlygynyň infrastrukturasyny iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmaga uly üns berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň diplomatik hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylyşy has-da güýçlendirildi. Munuň özi, ýokary tehnologik mümkinçiligi, internet torunyň tizligini ýokarlandyrmaga we wideoşekilli gepleşikleri geçirmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky karary bilen tassyklanan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda  halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasaty strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit guramalary sanly maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň sosial torlarda açylan resmi akkauntlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurda häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň üsti bilen web-saýtlarda, multimediýa elektron sahypalarda, köpçülikleýin sanly torlarda Türkmenistanyň daşary syýasatyny we halkara başlangyçlaryny dünýä ýaýmak we giňden ýaýratmak işini dowam etdirmek kesgitlenen. Şeýle hem sanly ulgamy ösdürmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen tejribe alyşmak wajyp ähmiýete eýedir.

Agzalan Konsepsiýanyň Maglumat howpsuzlygy baradaky ýörite bölüminde: Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, halkara gatnaşyklar tejribesinde-de öňdebaryjy çözgütleri we onlaýn-gurallary ulanmak meseleleriniň has hem derwaýyslaşýandygy bellenen. Dünýäniň okgunly ösýän syýasy durmuşy diplomatiýada häzirkizaman «çalt» tehnologiýalardan hem aragatnaşygyň täze sanly ugurlaryndan peýdalanylmagynyň möhümdigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sanlaşdyrmak prosessleriniň nähili derejede halkara gatnaşyklaryna öz täsirini ýetirýändigine düşünmek zerurdygy Konsepsiýada kesgitlenen.

Häzirki wagtda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň birnäçesi, şol sanda iri halkara guramalarynyň we gurluşlarynyň çägindäki maslahatlaryň onlaýn tertipde geçirilmeginiň tejribesi ýola goýuldy.

XXI asyr dünýäniň adamzat taryhyndaky köptaraplaýyn özgerişi bilen häsiýetlendirilýär. Bu ilkinji nobatda ylmy-tehnologik özgerişleriň depgini bilen baglanyşyklydyr. Durmuşyň ähli pudaklaryna täsirini ýetiren öňdebaryjy tehnologiýalar halkara gatnaşyklar ulgamyny öz içine alýar. Ol döwletleriň alyp barýan daşary syýasatynyň usullaryna öz täsirini ýetirip, diplomatiýanyň häzirki zaman şertlerine uýgunlaşan täze tärleriniň we usullarynyň kemala gelmegine giň ýol açdy. Munuň özi sanlylaşdyrma eýýamyna gabat gelýän sanly diplomatiýanyň durmuşa berk ornaşmagyna getirdi.

Türkmenistanyň diplomatik işjeňliginiň ýokarlanmagyna sanlylaşdyrmak ulgamynyň oňaýly täsir edýändigini  bellemek bolar. Dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen dürli derejelerde wideo gepleşikleri yzygiderli geçirilýändigi onuň aýdyň mysalydyr. Köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäginde hem köp sanly halkara ýygnaklar, gepleşikler we onlaýn maslahatlar, okuw seminarlary geçirilip, onda häzirki zaman ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar guralýar. Şu nukdaýnazardan, sanly diplomatiýanyň dünýä tejribesini öwrenmäge, kompýuter derňewi we modelirlemegiň usullaryny ulanmaga, diplomatik gepleşik sungatyna we daşary syýasatyň beýleki görnüşlerine uly üns berilýär.

Agzalanlar bilen baglanyşykly maglumat jemgyýeti diýlip atlandyrylýan häzirkizaman ösüş döwründe derňew tehnologiýalaryň iň möhüm böleginiň dünýä we sebit derejesinde bolup geçýän wakalar bilen baglanyşykly köp gigabaýt we terabaýt infografik, ses we wideo maglumatlaryny öz içine alýan “sanly” ulgama öwrülýändigini bellemek bolar. Bu şertlerde sanly maglumatlaryň köp mukdary bilen işlemeli we şonuň bilen birlikde gysga wagtyň içinde iň dogry görkezmäni bermek üçin zerur bolan maglumatlar we faktlar bilen iş salyşmaly bolup durýar. Şonuň üçin seljeriş tejribesinde başlangyç maglumatlary resmileşdirmek, kompýuter programmirlemek, geosyýasy prosesleri modelirlemek we simulirlemek üçin algoritmleri düzmek üçin logiki usullar ulanylýar.

Sanly diplomatiýanyň wajyplygy bilen bagly alymlaryň geçiren seljermelerine görä, ol bäş ugur boýunça amal edilýär. Birinjiden, syýasy meýilnamalaşdyryş işini guramak, ýagny, döwlet edaralary üçin daşary syýasatyň netijeli utgaşdyrylyşy we meýilnamalaşdyrylyşy boýunça giň mümkinçilikleriň ýola goýulmagyny üpjün etmekdir. Ikinjiden, ol jemgyýetiň dürli gatlaklaryny onlaýn giňişligiň hem-de beýleki döwrebap usullaryň (web-sahypalar, akkauntlar, jemgyýetçilik torlary, SMS maglumat beriş we ş.m.) üsti bilen daşary syýasy işlere çekmekden ybaratdyr. Üçünjiden, maglumat dolanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalar arkaly guramakdyr. Bu halkara maglumat akymy zerarly ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, ony ulgamlaýyn yzarlamak işi hem derwaýysdyr. Dördünjiden, döwletleriň daşary ýurtlardaky we ýurduň içindäki raýatlarynyň hukuklaryny goramak we dürli sebäpler boýunça ýüze çykyp biläýjek meselelerde dessine ýardam bermek maksady bilen, aragatnaşygyň göni ýollaryny üpjün etmek bolup durýar. Bäşinjiden, iň oňat bilimleridir tejribeleri jemlemäge hem-de olary daşary ýurtlarda milli bähbitleri üpjün etmek üçin işjeň we netijeli görnüşde ýaýratmaga goldaw bermekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna laýyklykda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmak maksady bilen, jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.

Dünýä jemgyýetçiliginde sanly ulgam ösüşleriň ygtybarly binýadyny dörediji hökmünde kesgitlenýär. Ähli pudaklarda gazanylýan ösüşler döwrebaplyga eýe bolmak bilen “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda milli diplomatiýanyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän onlaýn duşuşyklardyr geňeşmeler we iş maslahatlary sanly diplomatiýada kesgitlenen anyk ugurlaryň biridir. Bu ugruň yzygiderli amal edilmegi wagty tygşytlamaga hem-de işiň netijeliligini birnäçe esse artdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Şunda elektron neşirler barha meşhurlyga eýe bolup, metbugat neşirleri bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär. Häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň interaktiw we multimediýa usullaryny ulanylmagy olaryň tapawutly aýratynlygydyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň okyjylar we ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyndan başga-da, internet giňişliginiň ulgamy halkara bileleşigiň döwletimiziň ýeten derejesi barada maglumat bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik bermek bilen, dünýäniň media ulgamyna çykmagyna giň ýol açýar.

Jemlenip alnanda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň sanly tehnologiýalary, ýokary tizlikli internet ulgamlaryny we toplumlaryny çalt ornaşdyrmak, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça konseptual garaýyşlary häzirki zamanyň ösüş ugurlaryny hasaba almagyň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen sanly ulgamlar durmuş-ykdysady ugurlaryň ählisinde, şol sanda diplomatiýada giň gerime eýe bolýar.  Sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy halkara gatnaşyklarynda hem öňdebaryjy wezipeleri ýerine ýetirmek üçin aýgytlaýjy häsiýete eýedir.