Jennet SAPAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň aspiranty
Häzirki zaman ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi intellektual eýeçiligiň pugta hukuk esaslarynyň döredilmegine baglydyr, sebäbi intellektual eýeçiligiň obýektleri adamyň zähmet işiniň ähli ulgamyny gurşap alýar. Intellektual eýeçiligiň gorag ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda guramak, döwlet we halkara derejesinde raýatlaryň intellektual eýeçilik hukuklarynyň goragynyň kepilliklerini üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar.
Halkara söwda intellektual eýeçiliginiň obýektleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, sebäbi serhetden geçýän harytlaryň köpüsinde intellektual düzümi (tehnologiýa, haryt nyşanlary, awtorlyk hukugy we başgalar) hökmany ýagdaýda ýüze çykýar. Şeýlelikde, intellektual eýeçiligiň obýektlerini netijeli peýdalanmak, intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak ulgamyny ösdürmek, intellektual eýeçiliginiň söwdasyny hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen bagly soraglar häzirki zaman wajyp meseleleriň hataryna girýär. Bu meseleler ähli ýurtlaryň ykdysadyýeti üçin möhümdir, sebäbi bar bolan intellektual potensialy we ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşi, intellektual eýeçiligiň obýektlerini netijeli ulanmak arkaly dünýä giňişliginde bäsdeşlik artykmaçlygynyň çeşmesine öwrülip biler. Intellektual eýeçiligiň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny almakdaky orny we olaryň daşary söwda işjeňliginiň ösüşine edýän täsiri bolsa, milli we sebit kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ösüşine goşant goşjak oýlap tapyşlar we açyşlar döwlet tarapyndan goldanylyp, bu ugurda möhüm maksatnamalar kabul edilýär. "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda", "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" düýpli ylmy-amaly barlaglaryň we önümçiligiň özara baglanyşygyny has-da işjeňleşdirmek maksady aýratyn nygtalýar. Maksatnamalarda göz öňünde tutulan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda ylmy tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge, intellektual we döredijilik işleriniň netijeliligini artdyrmaga, intellektual eýeçilik ulgamyny ýokary hil derejesine çykarmaga mundan beýläk-de ýardam eder.
Türkmenistanda intellektual eýeçiligi goldamagy, höweslendirmegi we goramagy düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalar yzygiderli kabul edilýär. Bu ugurdaky işleriň düzgünleşdirilmegini üpjün edýän "Ylmy intellektual eýeçilik hakynda" (22.11.2025ý), "Haryt nyşanlary hakynda" (08.06.2019ý), "Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda" (08.06.2019ý), "Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda" (04.08.2011ý), "Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda" (10.01.2012ý), "Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda" (04.11.2017ý), "Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda" (04.11.2017ý), "Rasionalizatorçylyk işi hakynda" (02.03.2019ý) Türkmenistanyň kanunlary we beýleki hukuk namalary kabul edildi. Milli kanunçylygymyzda intellektual eýeçilik hukuklarynyň söwdasyna degişli kadalar hem öz beýanyny tapdylar. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda kabul edilen "Ylmy intellektual eýeçilik hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nji maddasynda ylmy intellektual eýeçiligiň eýesiniň ylmy intellektual eýeçilik hukugyny beýleki fiziki we ýuridik şahslara doly ýa-da bölekleýin geçirmäge (bermäge) hukugy bardygy kesgitlenen [1].
Adamzadyň intellektual taýdan gazananlarynyň goralmagy halkara derejesinde hem üpjün edilýär. Intellektual eýeçilik boýunça dürli ýurtlarda ulanylýan milli düzgünleri utgaşdyrmagy, halkara kadalary kabul etmäge ýardam bermegi, şeýle hem bu eýeçiligiň görnüşlerini goramagy Intellektual Eýeçiligiň Bütindünýä Guramasy ýerine ýetirýär (mundan beýläk – IEBG). Bu gurama 1967-nji ýylda döredilip, intellektual eýeçiligi goramak we peýdalanmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýar. Türkmenistan 1995-nji ýyldan başlap, IEBG-niň doly hukukly agzasy bolup, intellektual eýeçiligi düzgünleşdirmekde uly üstünliklere eýe boldy. Dünýä derejesinde intellektual eýeçiligi goramak boýunça hereket edýän kadalaryň talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistan birnäçe halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we ylalaşyklaryň agzasy bolup durýar. Ýurdumyz Senagat eýeçiligini goramak boýunça Pariž Konwensiýasyna, Patent kooperasiýasy baradaky Şertnama, Oýlap tapyşlar boýunça Ýewraziýa patent Konwensiýasyna, Nyşanlaryň halkara bellige alnyşygy baradaky Madrid ylalaşygynyň Protokolyna, Halkara patent klassifikasiýasy baradaky Strasburg Ylalaşygyna, Senagat nusgalarynyň Halkara klassifikasiýasy baradaky Lokarn Ylalaşygyna, Olimpiýa nyşanyny goramak hakyndaky Naýrobi Şertnamasyna, Senagat nusgalarynyň halkara bellige alynmagy baradaky Gaaga Ylalaşygynyň Ženewa namasyna, Edebiýat we çeper eserleri goramak baradaky Bern Konwensiýasyna we beýleki ylalaşyklara goşuldy.
Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň söwdasy çygryndaky esasy wezipeleri Bütindünýä Söwda Guramasy (mundan beýläk – BSG) amala aşyrýar. Intellektual eýeçilik hukugy – bu işläp taýýarlan ylmy teklipleriniň, oýlap tapyşlarynyň, edebiýat we sungat eserleriniň dürli şekilde obýekt görnüşine getirilen netijelerine onuň eýesiniň öz isleýşine görä eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa erk etmäge bolan hukugydyr [2]. BSG-ni döretmek hakyndaky ylalaşyklarynyň ulgamyna girýän hem-de 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Intellektual eýeçiligiň hukuklarynyň söwda ugurlary boýunça Ylalaşyk (Agreement on Trade-Related Aspects of Intellectual Property Rights ýa-da TRIPS Agreement, mundan beýläk – TRIPS ylalaşygy), köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryň içinde aýratyn orun tutýar. Bu ylalaşyk 1994-nji ýylda Nyrhlar we söwda baradaky Baş Ylalaşygynyň Urugwaý tapgyrynda kabul edilip, birinji nobatda, intellektual eýeçiligi ykrar etmek we goramak üçin iň pes standartlaryny kesgitledi. TRIPS ylalaşygy intellektual eýeçiliginiň diňe söwda jähetlerini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Bu ylalaşyk BSG-de intellektual eýeçilik babatynda bar bolan jedelleri çözmegiň ýokary täsirli usullaryny (mehanizmlerini) ulanmak mümkinçiligini açýar (mysal üçin, bir ýurtda başga ýurduň awtorynyň hukuklary bozulan bolsa, jedelli meseläni BSG-niň jedelleri çözmek boýunça toparyndan geçirip, awtoryň gelip çykan döwletiniň çägine hukuk bozujy ýurtdan getirilýän harytlara giriş pajyny ýokarlandyrmak mümkinçiligi).
TRIPS ylalaşygy, ilki bilen, Edebiýat we çeper eserleri goramak baradaky Bern Konwensiýasyna goşulan ýurtlar tarapyndan bu namanyň esasy düzgünlerini (emläkleýin däl hukuklary baradaky düzgünleri hasaba almazdan) ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar. TRIPS ylalaşygy Bern Konwensiýasynyň düzgünleriniň üstüni dolýan birnäçe esasy kadalary öz içine alýar. Bu kadalara laýyklykda, awtorlyk hukugynyň goraglylygy kompýuter programmalaryna hem degişlidir. TRIPS-iň düzgünleri intellektual eýeçiligiň mazmunyny açyp görkezýär, ýagny hökmany ýagdaýda hukuk goragyna degişli bolan aýratyn hukuklarynyň görnüşlerini kesgitleýär. TRIPS ylalaşygyna laýyklykda, bu görnüşleriň sany sekize barabardyr we olara indikiler degişli: awtorlyk hukuklary, gatyşyk hukuklary, haryt nyşanlary, geografik görkezijiler, senagat nusgalary, patentler, integral mikrosfemalaryň topologiýalary, önümçilik syry (know-how). Bu görnüşleriň sanawynyň açykdygyny bellemek gerek, sebäbi TRIPS ylalaşygy birnäçe halkara ylalaşyklaryň kadalaryny özünde jemleýär. Mysal üçin, Senagat eýeçiligini goramak boýunça Pariž Konwensiýasynyň 8-nji maddasyna laýyklykda, bu sanawa täjirçilik belgiler hem goşulyp bilner.
TRIPS ylalaşygynyň seljermesi bu resminamanyň düzgünleriniň esasy aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga ýardam berdi. TRIPS-iň esasy aýratynlyklaryna indikileri degişlidir: Emläkleýin awtorlyk hukugyny goramagyň möhleti awtoryň aradan çykandan soň 50 ýyldan az bolmaly däl, wideofilmler üçin – olar döredilenden soň 50 ýyldan, fotosuratlar üçin 25 ýyldan az bolmaly däldir; Awtorlyk hukugy awtomatik usulda berilmelidir we resmileşdiriş düzgünlerine bagly bolmaly däldir; Kompýuter programmalary edebiýat eserler hökmünde garalýar we olar şol bir goraglylyk şertlerine eýedirler; Patentler tehnologiýanyň ähli ugurlarynda berilmelidir, emma jemgyýetçilik bähbitlerini goramak maksady bilen kadadan çykmalar göz öňünde tutulup bilner. Patent bilen üpjün edilen emläk hukuklaryny goramagyň möhleti 20 ýyldan az bolmaly däl; Her bir döwlet TRIPS-e goşulan beýleki ýurtlaryň raýatlaryna hem öz raýatlaryna berilýän intellektual eýeçilik hukuklarynyň deň derejesini üpjün etmelidir [3]. TRIPS-iň düzgünleriniň göni täsiri ýokdur. BSG-niň agzalary TRIPS-iň düzgünlerini öz kanunçylygyna girizmeli, emma muňa garamazdan, ylalaşygyň 1-nji maddasyna laýyklykda, "BSG-niň agzalary öz hukuk ulgamyna laýyklykda, bu ylalaşygyň düzgünleriniň ýerine ýetirmek usulyny saýlamakda erkindirler". Bu bolsa, kazyýetde jedele seredilende milli kanunçylygynyň kadalarynyň ulanylýandygyny görkezýär, ýöne bu kadalar TRIPS-iň düzgünleri bilen sazlaşdyrylmalydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň kanunçylygynda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça kadalaşdyryjy talaplarynyň eýýäm göz öňünde tutulandygy bellemek gerek. Mysal üçin, "Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, awtorlyk hukugy awtoryň bütin ömrüniň dowamynda we ol aradan çykandan soň 50 ýylyň içinde hereket edýär. Mundan başga-da, "Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda oýlap tapyş üçin patentiň möhleti ýigrimi ýyl diýip bellenilýär. Şeýlelikde, ýokarda görkezilen intellektual eýeçiligi goramak çygrynda kabul edilen konwensiýalarda emläkleýin hukuklarynyň hereket ediş çägi, gorag döwrüniň dowamlylygy we gatnaşyjy döwletleriniň milli kanunçylygynda göz öňünde tutulmaly beýleki şertler kesgitlenilýär.
Häzirki döwrüň ykdysadyýeti dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň täze şertlerini döredýär. Intellektual maýa şol şertleriň iň esasylarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Intellektual eýeçiligi goramagyň halkara ulgamyna täze goşulýan ýurtlaryň hasabyna onuň gurşap alýan geografik çägi giňeýär, intellektual eýeçiligiň görnüşlerini bellige aldyrmak bilen baglanyşykly islegler artýar, halkara bazarlarda intellektual eýeçiligiň hukuklarynyň söwdasyndan girdejileriň möçberi köpelýär. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçilik, şol sanda intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleriniň söwdasy çygrynda, ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek zerurlygy ýylsaýyn artýar.
Umuman, ýurdumyzda intellektual eýeçiligiň kanunçylyk binýadyny berkitmek, täze açyşlaryň edilmegini höweslendirmek, netijede, durnukly ösüşi üpjün etmek hemde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini ýokarda beýan edilenler aýdyň şaýatlyk edýär.
Edebiýat
1. "Ylmy intellektual eýeçilik hakynda" Türkmenistanyň Kanuny // Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň elektron saýty:
https://minjust.gov.tm/hukuk/merkezi/hukuk/741
2. Nuryýew Ý.M., Çaryýew A.A., Gurbanow J.H. Halkara hususy hukugy. Okuw gollanmasy. – A.: Ylym, 2018.
3. Соглашение по торговым аспектам прав интеллектуальной собственности // World Intellectual Property Organization
https://wipolex-res.wipo.int