Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa hukuk institutynyň uly ylmy işgäri.
Muzeýler halkymyzyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolup, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň jemlenýän, milletimiziň gymmatly baýlyklarynyň saklanýan ýeri bolan iri ylmy merkezleriň biridir. Muzeýler halkyň taryhyny, gadymy däp-dessurlaryny özünde saklaýan ruhy hazynadyr. Ol tebigy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamagy, öwrenmegi hem-de gorap saklamagy amala aşyrýar. Muzeýiň işi köptaraplaýyn bolup, onuň esasy wezipesi halkyň taryhy mirasynyň ýitip gitmezligi we milli özboluşlylygyny şöhlelendirmek üçin olary bir ýere ýygnap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, ilata ýetirmek bolup durýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 10-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň hatarynda ýurdumyzyň muzeý gaznalaryndaky gymmatlyklaryň sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şu maksat bilen, 2025-nji ýylda hünärmenleriň ýerlere iş saparlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýlere uly ornuň degişlidigini belledi we degişli ýolbaşça ýurdumyzda hereket edýän muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmek, milli mirasymyzy halkara derejede giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Şeýlelik-de, hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şäher gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Mundan başga-da muzeýlerde taryhymyzyň dürli döwürlerine degişli arheologik tapyndylar, etnografiýa degişli zatlar, sungat eserleri we tebigy baýlyklar hem-de beýleki gymmatlyklar saklanylýar. Ýagny, ol geçmişdäki we häzirki döwürdäki medeni gymmatlyklaryň ýerleşýän ýeri bolup, olary geljekki nesillere-de ýetirýän medeni ojakdyr.
Muzeýlerde medeni gymmatlyklary ýüze çykarmak, toplamak, ylmy esasda öwrenmek we gorap saklamak, olary ilatyň arasynda wagyz etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek, olaryň halkymyzyň medeni durmuşyndaky möhüm ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin medeni gymmatlyklary aýawly saklamaga gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, muzeý işini ösdürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanylar, olaryň gorlary baýlaşdyrylar, maddy-tehniki binýatlary pugtalandyrylar. Şeýle hem medeniýet ulgamynda sanly tehnologiýalar ulanylyp, muzeýleriň web-sergileri, ýöriteleşdirilen web-sahypalary dörediler. Şeýle hem Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň ösdürmegiň konsepsiýasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgam arkaly wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Muzeý gymmatlyklarynyň bir bitewi elektron binýady, şeýle hem Diýarymyzyň iri muzeýleriniň resmi internet-saýtlary döredildi. Innowasiýalar eýýamynda internet ulgamy arkaly elektron petekleri satyn almak hyzmatlary ýola goýuldy.
Häzirki wagtda Medeniýet ministrliginiň garamagynda 37 sany muzeý hereket edip, olaryň gaznasynda 367 müňden gowrak muzeý gymmatlygy saklanýar. Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlerde degişli gymmatly taryhy we medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesi ýerleşýär. Olaryň köpüsi seýrek duş gelýän ýadygärliklerdir. Olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns berilýär. «Açyk asmanyň astyndaky muzeý» diýlip atlandyrylýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz milli we halkara derejede goralýar. Şeýle hem olaryň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işler hem alnyp barylýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri atly kitaby taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleridir işgärleri üçin niýetlenendir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkara derejesine çykýan türkmen medeniýeti we sungaty tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Şöhratly taryhymyzyň şaýady bolan muzeýlerimiz mirasa sarpaly zamanamyzyň belent beýanydyr.