TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ RUHY ESASLARY

PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ RUHY ESASLARY

Alym ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy

akademiýasynyň rektory.

 

Türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden we dolandyran döwletlerinde ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, birek-birege ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň esasy ýörelgeler hökmünde ileri tutulandygy mälimdir. Gahryman Arkadagymyz hem «Hakyda göwheri» atly kitabynda Oguz ýörişleriniň parahatçylyk söýüjilikli maksatlar bilen amala aşyrylandygyny, oguz türkmenleriniň ata atlansa-da, asuda durmuşa zeper ýetirmek meýlinden daşda bolandyklaryny anyk taryhy maglumatlar bilen delillendirýär.

Oguz han atamyz boýun egdiren döwletleriniň ýolbaşçylaryna diplomatik ynanyşma ýoluny teklip edip, gan döküşlige garşy durupdyr. Bu barada Milli Liderimiz: «Ogzuň goşunlary ilçilerden belli bir habar eşidýänçäler aw awlaşyp, imi-sala oturýarlar. Bu ýerde ylalaşykly halaýyklaryň arasynda «Uruşmak maslahat däldir» diýen şygar ýörgünlidir. Ogzuň parahatçylyk söýüjiliginiň maksady hem şondadyr» diýip, parahatçylyk söýüjilik häsiýetiniň türkmenleriň asyl zandynda orun alandygyny belleýär. Käbir sebäpler bilen diplomatik ýola garşy durlan ýagdaýlarda-da Oguz han uruşlary parahat ilatyň ýaşaýan oba-şäherlerinde alyp barman, «jeňe meýdan saýlamagy» teklip edip, ýönekeý halkyň ýaşaýan öýlerine, şertlerine, janyna zyýan ýetirmeýän meýdanda söweş alyp barypdyr. Döwleti dolandyrmagyň bu ýoly soňky döwürlerdäki türkmen döwletleriniň ählisinde-de esasy ýörelge bolupdyr. Berkarar Watanymyzda alnyp barylýan hoşmeýilli daşary syýasat hem hut şol asylly ýol-ýörelgeleriň täze röwüşdäki özboluşly dowamydyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, döwlet dolandyryş ulgamy ata-babalarymyzdan miras galan däpleri özünde jemleýän, häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän gymmatlyklar bilen bitewülikde ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Häzirki döwür basybalyjylykly uruşlaryň däl-de, diplomatiýanyň, gepleşikler sungatynyň üsti bilen ýer ýüzünde parahatçylygy, özara ynanyşmagy berkarar etmegiň döwrüdir. Munuň özi adam paýhasynyň ýokary derejä ýeten eýýamynda islendik meseläniň diňe dialogyň, «ýumşak» diplomatiýanyň mümkinçiliklerine daýanyp çözülmelidigini alamatlandyrýar.

XXI asyr — dünýäniň hemme meseleleriniň ählumumylaşan zamanasy. Häzirki wagtda her bir ýurt beýleki döwletler bilen birlikde, hut adamzada degişli bolan meseleleri çözmäge öz goşandyny goşup, oňa işjeň gatnaşmaga ymtylýar. Şunda şu ýyl Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti we zerurlygy has aýdyň duýulýar. Döwletimiziň türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer däplerine, parasatly durmuş filosofiýasyna esaslanýan bu özboluşly hukuk ýagdaýy BMG-niňTertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi döwrüň möhüm meselelerini çözmekde döwletlerdir halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy höweslendirmäge oňyn täsir edýän şert hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda BMG-niň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda: «Biz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga, BMG-niň strategik görkezmelerini, maksatnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendigini aýtmaga haklydyrys. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan üçin iki sene — Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri bolan parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ygrarlylyk, halkara hukuga hormat goýmak BMG-niň Tertipnamasynyň ruhunyň we mazmunynyň beýanydyr» diýip nygtaýar.

Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzyň dünýä derejesinde uly goldawa mynasyp bolýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryndan ugur alyp, şu ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmeli milli we halkara ähmiýetli işleriň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi aýratyn mana eýe bolup, munuň özi döwletimiziň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny has-da ilerletmekde möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýa laýyklykda, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda amala aşyrjak işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Onda dürli mazmunly halkara forumlardyr maslahatlary, medeni-köpçülikleýin, sebitleýin we ýöriteleşdirilen çäreleri, webinarlardyr wideomaslahatlary geçirmek, ýaşlaryň arasynda maglumat, aň-bilim işini işjeň alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şunda türkmen Bitaraplygynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş ýagdaýyny saklamakda we pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky «Halkara Bitaraplyk güni» atly Kararnamalarynyň esas bolup durýandygyny bellemelidiris. Şeýle-de dialog medeniýetini berkitmek maksady bilen, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamalaryna daýanýan anyk medeni, syýasy çäreleri geçirmek, halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat işlerini alyp barmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanmak mümkindir. Şunlukda, bu resminama döwletara gatnaşyklaryň bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şoňa görä, Türkmenistan agzalan strategiýany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleri çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegine jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasat ugruna berk ygrarlydygyny görkezýär. Şol ugur bolsa ählumumy abadançylygyň, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Ýer ýüzünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilend