Sülgün MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Türkmenistanda zenana goýulýan sarpa halkymyzyň müňýyllyk taryhy köklerinden, pähim-paýhasyndan gelip çykýan mukaddeslik bolup, ol bu günki günde ýurduň durnukly ösüşiniň strategik binýadyna we milli buýsanjyna öwrüldi. Zenan mertebesi diýmek — bu ahlak, hukuk, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklaryň bitewi jemidir. Ylmy nukdaýnazardan seljerilende, zenanyň jemgyýetdäki ornunyň diňe maşgala ojagy bilen çäklenmän, eýsem, uly bir döredijilikli güýç hökmünde kabul edilmegi, olaryň ýokary bilim almagy jemgyýetiň umumy aň-bilim derejesiniň we medeniýetiniň ýokarlanmagyna gönüden- göni oňaýly täsir edýär. Durnukly ösüşiň bäşinji maksady bolan gender deňligi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we demokratik özgertmeleriniň özeni bolup durýar. Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy diňe bir wezipeleriň deň paýlanmagy däl-de, eýsem, olaryň jemgyýetiň ruhy we maddy baýlyklaryny döretmäge doly hukukly gatnaşmagydyr. Jemgyýetiň ösüşine hakyky baha bermek isleseňiz, ilki bilen şol jemgyýetde zenana goýulýan sarpany öwreniň. Zenany sarpalaýan döwlet beýikdir, zenany hormatlaýan halk bagtyýardyr.
Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasat zenanyň diňe bir maşgala ojagynyň mukaddes saklaýjysy däl, eýsem döwletiň syýasyykdysady ösüşiniň iň işjeň agzasydygyny doly subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesi milli gymmatlyklar bilen döwrebaplygyň sazlaşygynda täze belentliklere göterilýär. Bu döwürde zenan mertebesi we gender deňligi meseleleri döwlet derejesindäki dabaralar we täze strategiki meýilnamalar bilen has-da berkidilýär.
Zenanlaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny goramak, olary döwlet tarapyndan ýeňillikler we amatly şertler bilen üpjün etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda eneligi goldamaga, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işleri kanun taýdan düzgünleşdirýän, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda » Türkmenistanyň Kanuny döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda gender deňliginiň kepilliklerini anyk kesgitleýär. Türkmen jemgyýetinde zenan mertebesi milli gymmatlyklar bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda zenanlaryň aglaba bölegi saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ylym, bilim, medeniýet we sungat, maliýe we ätiýaçlandyryş ulgamlarynda zähmet çekýärler. Senagat, aragatnaşyk, söwda ýaly pudaklarda we kärhanalarda aýallaryň tutýan orny ýeterlik derejede ýokarydyr. Işgärleriň umumy sanynda zenanlaryň paýynyň artmagy durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň görkezijisidir.
Türkmenistan aýallaryň hukuklary hakyndaky birnäçe halkara resminamalara we konwensiýalara goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.
Ýurdumyzda döredilen şertler zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär. Gender deňligi we zenan mertebesiniň belent tutulmagy — bu demokratik we adalatly jemgyýetiň girewidir.
Täze taryhy eýýamda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy we gender deňligiboýunça çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle möhüm çäreleriň biri hökmünde, 2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda «Awaza » milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen zenan ýolbaşçylaryň uly forumyny bellemek bolar. «Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar » diýlip atlandyrylan bu taryhy duşuşyk dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Bilşimiz ýaly, bu forumda «Hereketleriň Awaza maksatnamasy » esasynda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň täze ýollary kesgitlendi. Bu strategik resminama agzalan ýurtlarda halkyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ykdysady we durmuş meseleleriniň döwrebap çözgütlerini tapmaga gönükdirilendir. Şunda makro- ykdysady ösüşiň we durnuklylygyň gazanylmagyna zenanlaryň işjeň gatnaşmagy bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde iň möhüm şertleriň biri hökmünde ykrar edildi.
Ýeri gelende ýatlasak, 2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Awaza » milli syýahatçylyk zolagy ýene- de bir taryhy wakanyň merkezine öwrüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr- sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginde «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek » diýen at bilen geçirilen ýokary derejeli halkara maslahat hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu halkara duşuşyklar Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, ynsanperwerligi we deňhukuklylygy dabaralandyrmakda alyp barýan tagallalarynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Geçen ýylyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlygyny artdyrmak boýunça «BMG — Zenanlar » düzüminiň guramagynda geçirilen ýokary derejeli sebitleýin maslahatda, Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) guramagynda geçirilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanan Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça sebitleýin dabarada, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasynyň 69-njy mejlisinde, Mongoliýa döwletiniň Ulanbator şäherinde Mongoliýanyň Prezidentiniň howandarlygynda geçirilen telekeçi zenanlaryň Bütindünýä forumynda, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Üçünji müňýyllygyň zenany » atly IV halkara forumynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti — 2025» atly halkara forumda, Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde bolan Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji çäresinde hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmakda zenanlar ulgamy » atly sebitleýin okuw maslahatynda türkmen wekilleriniň öňe süren teklipleri sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge uly goşant boldy.
Jemläp aýdanymyzda, Türkmenistanda zenan mertebesiniň belent tutulmagy we gender deňliginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi — bu adalatly, demokratik we durnukly jemgyýetiň gurulmagynyň esasy girewidir. Zenanlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, aslynda, bütin adamzat nesliniň ýagty we bagtyýar geljegine goýulýan iň uly maýa goýumydyr. Zenany sarpalan döwletiň geljegi hemişe rowaç, ösüşleri bolsa dowamlydyr.