Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynda taýýarlanan bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, aspirantlar we mugallymlar üçin niýetlenen. Kitapda Türkmenistanyň raýat kodeksiniň kadalaryny, raýat hukugy ylmynyň esasy düşünjelerini özleşdirmek üçin niýetlenen maglumatlar, ylmy garaýyşlar beýan edilýär. Okuw kitabyndaky raýat-hukuk nazaryýeti hukuk öwreniş, halkara hukugy hünärleri boýunça döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna esaslanýar. Okyjylar bu kitapdan raýat hukugyna degişli kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar, ylmy edebiýatlar baradaky maglumatlary hem tapyp bilerler.