TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

GIRIŞ

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurmaga girişdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurduň häzirki döwürdäki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kämil raýat jemgyýetini maksada laýyk gurmak, onuň institutlaryny kämilleşdirmek, syýasy ulgamy berkitmek, döwlet dolandyryşynyň we kazyýet ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik durmuşynyň esasy taraplaryny täzeçe üýtgedip gurmak boýunça maksatlar we wezipeler anyk kesgitlendi. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň üznüksiz ösmegi häzirki zaman durmuş şertlerinde oňa täzeçe baha berilmegini talap edýär. Şol bir wagtyň özünde, hereket edýän kanunçylygyň we döwlet-hukuk işiniň kämilleşmeginiň hukuk kadalaryny durmuşa geçirmegi üpjün etmek boýunça serişdeler arkaly zerur bolan netijeleriň gazanylýandygyny döwletimiziň taryhy ösüşiniň tejribesi görkezýär. Döwlet Konstitusiýa, hukuk döwletiniň ýörelgelerine hem-de kanunyň ýokary tutulýandygyna esaslanyp, berkidilen hukuklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin zerur bo­lan şertleriň ählisini döredýär.

Türkmenistan şunuň ýaly syýasatyň çäklerinde halkara guramalarynyň we gaznalarynyň birnäçesi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň hukuk ugrundan Ýewropa Bileleşigi bilen edýän hyzmatdaşlygy hem şeýle mysallaryň biridir. 2011-nji ýylyň ýanwar- 2013-nji ýylyň iýun aýlary aralygynda esasy hyzmatdaşlar bolan Türkmenistanyň Adalat ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde „Türkmenistanda hukuk potensialyny ösdürmek” atly taslama amala aşyryldy. Taslamanyň esasy maksady halkara hukugynyň kadalarynyň many-mazmunyny açyp görkezmek- de we ulanmakda hem-de bu ugurda ýerli bilermenleri taýýarlamakda

Türkmenistana ýardam etmek bolup durýar. Taslamanyň çäklerinde halkara bilermenleri we esasy türkmen hünärmenleri türkmen diliniň hukuk adalgalarynyň hukugyň esasy ugurlaryna degişlilerini bir ýere jemläp, jikme-jikligi bilen tapawutlanýan giňişleýin iş geçirdiler. Şeýle hysyrdyly işiň netijesinde rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlügi taýýarlanyldy.

Türkmenistanda adamlaryň durmuş ýagdaýyny ileri tutýan bazar ykdysadyýetine geçilişi güýçli depginler bilen öňe barýar, beýle ýagdaý hukuga degişli adalgalarynyňda gaýtadan gözden geçirilmegini, olaryň könelişenleriniň ýörgünli adalgalar bilen çalşyrylmagyny, galyberse-de, olaryň döwrebap düşündirişler bilen üpjün edilmegini talap edýär. Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ösüşi we jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagy amaly lingwistikanyň täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna itergi berdi. Hukuk meselelerini hukuk hem-de dil bilimi ylymlarynyň sepgidinde öwrenmek türkmen ylmy üçin wajyp ugur bo­lup durýar. Türkmenistanyň täze hukuk giňişligi, şeýle-de milli hukugy halkara hukugy bilen ýakyn gatnaşykda yzygiderli durmuşa geçirmäge esaslanýan tejribä durnukly hukuk adalganyň döremeginiň we döwletiň içerki we halkara gatnaşyklarynda hukugyň ýokary tutulmagyny üpjün edýän mehanizmleriň her taraply düşündirilmeginiň başlangyjy boldy. Rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlügi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan hukuk-sözlükçilik häsiýetli ylmy barlaglaryň ilkinji netijesi hasaplamak bolar.

Rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlügi düzmäge esasy hukukçy alymlar, dilçi alymlar, ylmy işgärler, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, bilermen-maslahatçylar, adwokatlar, kazyýet ulgamynyň we prokuraturanyň işgärleri, diplomatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem Taslamanyň hal­kara bilermenleri gatnaşdylar.

Sözlügiň her bir adalgasy elipbiý tertibinde ýerleşdirilip, zerur bolan halatlarda Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hem-de halkara hukuk resminamalaryna salgylanmalary özünde jemleýär, bu bolsa olary hukuk dersleri boýunça okuw gollanmasy hökmünde ulanmaga hem mümkinçilik berýär.

Sözlükde baş sözleriň hem-de söz düzümleriniň ýerleşişi logiki yzygiderliligi bilen tapawutlanyp, adalgalaryň aňsatlyk bilen tapylmagyny üpjün edýär. Adalgalaryň iňlis, nemes we fransuz dillerindäki terjimeleriniň goşulmagy sözlügiň maglumat berijilik derejesini ep-esli ýokarlandyrýar hem-de onuň aýratynlygyny emele getirýär. Sözlügiň soňundan latyn adalgalarynyň we aňlatmalarynyň goşundysy hem ýerleşdirilýär. Latyn dili umumy adamzat medeniýetiniň iň möhüm dilleriniň biri bolup, häzirki wagtda hem ulanylmagyny dowam etdir- ýär. Hukuk kadalarynyň dili kanun çykaryjynyň erkini dogry hem-de anyk aňlatmak üçin zerur bolan ol ýa-da beýleki hünär bilen bagly hu­kuk adalgalaryň ösen ulgamy arkaly häsiýetlendirilýär we bu ugurda latyn diliniň ýerine ýetirýän hyzmaty gürrüňsiz möhümdir.

Sözlük häzirki zaman milli hukukda ulanylýan 822 hukuk adalgasyny we adalga häsiýetli söz düzümini, konstitusion, raýat, administratiw, jenaýat, täjirçilik we halkara hukugynyň esasy toparlaryna degişli düşündirişleri öz içine alýar. Sözlügiň käbir taraplary düýpli suratda kämilleşdirildi, adalgalaryň we düşünjeleriň ulanylyş gerimi giňeldildi, köp sanly adalgalaryň kesgitlemesi we düşündirişi anyklanyldy we olaryň üsti ýetirildi.

Rusça-türkmençe düşündirişli hukuk sözlügi hukukçylar, ylmy-mugallymçylyk işgärleri, aspirantlar, talyplar, şeýle hem hukuk meseleleri bilen gyzyklanýan her bir adam üçin peýdaly bolup biler.