TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň esaslary okuw gollanmasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky raýatlaryň zähmet çekmäge, şol sanda öz islegine görä hünär, kär we iş ýerlerini saýlap almaga, şeýle hem özleri üçin sagdyn hem howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilmegine bolan konstitusion hukuklaryň durmuşa geçirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýän we 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň täze Zähmet kodeksiniň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň zähmet çygryndaky gatnaşyklary’’ düzgünleşdirýän kadalara düşündirişler berýär. Zähmet gatnaşyklarynyň taraplary bolan iş berijiler bilen işgärleriň zähmet çygryndaky hukuklaryny we borçlaryny, esasan hem, köpçülikleýin şertnama, zähmet şertnamasyny baglaşmagyň, iş we dynç alyş wagtlarynyň, zähmete hak tölemegiň, içerki zähmet düzgün-nyzamynyň, zähmeti hukuk taýdan goramagyň, zähmet jedellerine seretmegiň bellenilen şertlerini we milli zähmet hukugynyň halkara hukuklary bilen arabaglanyşygyny okyjylar köpçüligine ýetirmeklik göz öňünde tutulýar.

Okuw gollanmasy talyplar, aspirantlar, mugallymlar we okyjylaryň giň köpçüligi üçin niýetlenilýär.