GIRIŞ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri her bir adamyň, şol sanda ýaşlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Adam hukuklary giňişleýin we toplumlaýyn düşünjedir. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de borçlaryny kadalaşdyrýan, kepillendirýän konstitusion kadalar adam hukuklary boýunça umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň ähli görnüşlerini, ýagny raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny özünde jemleýär hem-de her bir şahsyýetiň jemgyýetdäki mynasyp ornuny kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara-hukuk konwensiýalaryna goşulmak bilen, ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryna, şeýle hem döwlet syýasatynyň binýadyna goýlan ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýändigini milli kanunçylygy we ony amala aşyrmagyň tejribesini synlanyňda görmek bolýar.
Türkmenistan adam hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede durmuşa geçirmek üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, hukuk şertlerini döredýär. 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda yglan edilen „Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy” ilkinji gezek adamyň esasy hukuklary we azatlyklary beýan edilen halkara resminamasydyr. Ählumumy jarnamanyň şeýle möhüm ähmiýete eýedigi göz öňünde tutulyp, onuň kabul edilen güni bolan 10-njy dekabr BMG tarapyndan „Adam hukuklarynyň güni” diýlip ykrar edildi. Türkmenistan hem öz milli kanunçylygynda şu jarnamanyň kadalaryny doly ykrar edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak we terbiýe taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär.
Döredijilikli halal zähmet adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getir- är. Türkmenistanda „Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Türkmenistanyň kanunynyň netijeli hereket etmegi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde, kämil ýaşlaryň kemala gelmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanda ýaş
raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň konstitusion derejede üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär.
Hormatly okyjylar! Bu kadanamalar ýygyndysy ýaşlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen we ýaşlar baradaky halkara we milli kanunçylyk namalaryny özünde jemleýär.