ИНСТИТУТ ГОСУДАРСТВА, ПРАВА И ДЕМОКРАТИИ ТУРКМЕНИСТАНА

GIRIŞ

Düýpli özgertmeleriň esasynda türkmen jemgyýetini we döwle- tini kämilleşdirýän reformator Prezident hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizi ösdürmek boýunça ilkinji özgertmeleriniň bilim ulgamynda amala aşyrylyp başlanmagynda aýratyn many we çuňňur öňdengörüjilik bar.

Öz ömrüniň esli bölegini ylma we bilime bagyş eden, bu pudaga gönüden-göni ýolbaşçylyk edip gelen Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda baş maksady türkmen ýaşlarynyň ylym-bilimini, gözýetimini, aňyýetini, medeni derejesini dünýä ülňüleriniň iň ýokary ölçegine galdyrmak bolup durýar.

Türkmen jemgyýetini we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek — Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasy syýasatynyň esasy strategiki maksady bolup durýar. Onuň esaslandyryjysy we irginsiz durmuşa geçirijisi bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowdyr. Bu syýasatyň esasynda özüniň ähli derwaýys meselelerini we zerurlyklaryny öz içine alýan adam aladasy ýatandyr. Milli hukuk ulgamyny ösdürmek, ony halkara standartlaryna laýyk getirmek, halkara hukuk kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna ornaşdyrmak — Milli Liderimiziň hukuk reformasynyň strategiýasynyň esasy düzüjileri bolup çykyş edýär. Bu ýerde mesele ýurduň kanunçylygyny ýöne bir kämilleşdirmek barada gitmeýär-de, eýsem ony döwrebap, hil taýdan halkara talaplaryna laýyk gelýän de- rejä ýetirmek hakynda barýar.

Hormatly Prezidentimiziň şu garaýyşlaryndan, pikirlerinden ruhlanyp, şu kitabyň awtorlary tarapyndan „Arbitraž iş ýöredişi” dersi boýunça döwrebap okuw kitabyny ýazmaklyga synanyşyk edildi.

Okuw kitaby arbitraž iş ýöredişini düzgünleşdirmegiň meselelerine, aýratynlyklaryna, tejribede duş gelýän kynçylyklaryna, olary hukuk jähtden ýeňip geçmegiň ýollaryna bagyşlanýar. Onda arbitraž iş ýörediş hukugynyň esasy prosessual düşünjeleri, institutlary, iş ýöredişiň tapgyrlary aýratynlykda, doly we hemmetaraplaýyn seljerilýär.

Hereket edýän Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksinde ýeterlik derejede düzgünleşdirilmedik meseleler, gabat gelýän gapma-garşylyklar, üzňelikler giňişleýin suratlandyrylýar hem-de olary aradan aýyrmak boýunça anyk teklipler aýdylýar. Bu teklipler, köp- lenç halatda Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň we Russiýa Federasiýasynyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň oňyn tejribesinden gelip çykýar. Başgaça aýdylanda, munuň özi arbitraž iş ýörediş kanunçylygyna ornaşdyrylmagy teklip edilýän kadalaryň hukuk deňeşdirme usulyny peýdalanmak ýoly bilen alnandygyny aňladýar.

GDA-nyň, şeýle hem ýer ýüzüniň döwletleriniň aglaba köpüsinde arbitraž kazyýetler özbaşdak hereket etmeýärler. Köplenç halatlarda olaryň garamaly meseleleri umumy kazyýetleriň ygtyýarlygyna berlen. Arbitraž kazyýetler diňe täjirçilik (hususy) düzümler hökmünde bu döwletlerde bellidir.

Okuw kitabynda ylmy-tejribe nukdaýnazaryndan öňe sürülýän pikirler kitabyň ahyrynda teklip edilýän edebiýatlarda has çuňňur we anyk esaslandyrylýar.

Okuw kitabynda arbitraž iş ýörediş tertibinde garalýan ähli je- deller „ykdysady işler” diýlip atlandyrylýar. Onuň esaslandyrmasy okuw-synag kitabynyň 8-nji temasynda ýörite berilýär.

TAIÝK-da „hak isleýji”, „jogap beriji”, „hak isleg arzasy” ýaly düşünjeler ulanylýar. Tejribede bu düşünjeler başga birnäçe görnüşlerde duş gelýär. Talyplar üçin has aýdyň hem anyk bolar ýaly, okuw kitabynda ýokarda agzalan düşünjeleriň has gysga hem düşnükli aňlatmalary, ýagny „talapçy”, „jogapçy”, „talap arza” diýen sözler ulanyldy. Mundan başga-da käbir beýleki prosessual düşünjeler we hereketler babatda hem kitapda kanunçykaryjylyk tejribesiniň geljegini nazara alyp döwrebap sözler ulanyldy.

Okuw kitabynda meýilleşdirilen temalaryň has düýpli hem ne- tijeli özleşdirilmegi üçin çyzgylardan, tablisalardan we testlerden giňişleýin peýdalanyldy. Bu okuw-usuly serişdeler barada gysgaça durlup geçilende, şulary bellemek bolar.

Çyzgylar (tablisalar). Okuw kitabynda beýan edilýän temalaryň has wajyp institutlary, kadalary hem düşünjeleri çyzgylarda ýönekeý, anyk we gysga görnüşde ýerleşdirilýär. Çyzgylarda temanyň özenini düzýän meseleler olaryň logiki yzygiderliligini çöşläp boljak ýagdaýda berilýär. Talyplaryň wezipesi, çyzgylaryň üsti bilen temalaryň mazmunyny, olaryň logiki zynjyryny üzmezlik şerti bilen dolulygyna göz öňüne getirmekligi başarmak bolup durýar. Has sada aýdylanda, talyplar çyzgylara düşünip, olary „gepletmegiň” hötdesinden gelmeli. Görüş ýatkeşliginiň temalary özleşdirmekde ähmiýeti uludyr. Esasan hem bellibir wagtyň geçmegi bilen geçilenler ýatlananda çyzgylaryň ähmiýeti has-da wajypdyr.

Testler. Okuw kitabynyň temalaryny özleşdirmekde testleriň-de aýratyn ähmiýeti bardyr. Testleriň jogaplary dörtden az bolmaly däldir. Jogaplaryň her biri-de özüne çekiji hem ynandyryjy bolmalydyr, many-mazmun taýdan bolsa mümkin boldugyça ýakyn bolmalydyr. Şeýlelikde, testleriň jogaplary talyplardan çynlakaý pikirlenmegi ta lap edýän „akyl duzaklaryna” meňzemelidir. Testlerde dogry, nädogry ýa-da kanuna doly laýyk gelýän jogaplary tapmaklyk tabşyrylýar. Kanuna doly laýyk gelýän jogaby tapmak diýmek, beýleki jogaplaryň hem bellibir derejede dogrudygyny aňladýar. Bu ýerde talyplaryň öňünde deňeşdirme ýoly bilen has anyk kanuny jogaby tapmak wezipesi durýar. Testleriň temanyň beýan ediliş logiki yzygiderliliginde ýerleşdirilmegi hökman däldir.

Okuw kitabynda testleriň jogaplary ýörite berilýär. Talyp her bir testiň jogaby bilen diňe ol boýunça öz jogabyny saýlanyndan soňra tanyşmalydyr. Soragyň jogaby dogry kesgitlenilmedik halatynda, talyp kitapda berlen maglumatlar bilen goşmaça işlemelidir.

Okuw kitabynda gysgaldylyp ulanylan düşünjeler şulardyr:

Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti — Arbitraž kazyýet;

Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi — TAIÝK;

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksi — TRIÝK;

Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat kodeksi -TRK;

Russiýa Federasiýasynyň Arbitraž iş ýörediş kodeksi RF-iň AIÝK-sy.