ИНСТИТУТ ГОСУДАРСТВА, ПРАВА И ДЕМОКРАТИИ ТУРКМЕНИСТАНА

GIRIŞ

»Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni beýik-beýik ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen barýan döwletimizde ylym we bilim pudaklaryny kämilleşdirmek, olaryň berk hukuk binýadyny tutmak babatynda köp işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň »Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky« 2007-nji ýylyň 15-nji fewralyndaky »Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky« 2007-nji ýylyň 4-nji martyndaky karary, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen »Bilim hakyndaky Türkmenistanyň

Kanuny we beýleki hukuk namalaryň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin düýpli özgerişleriň amala aşyrylmagyny esasy wezipe hökmünde goýdy.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ylymly-bilimli, watansöýüji, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan köp işler alnyp barylýar. Ösen multimedia tehnologiýalary ornaşdyrylan çagalar baglarydyr ak mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurulýar we ulanylmaga berilýär. Şu wezipeleri durmuşa geçirmekde talyplaryň hukuk düşünjesini ösdürmeklik zerurlygy ýüze çykýar.

Şoňa görä-de, »Türkmenistanyň dolandyryş hukugy« dersi ýokary okuw mekdepleriň hukuk bilen bagly bolan hünärlerinde okadylýar. Dersi okatmaklygyň baş maksady talyp ýaşlara döwlet dolandyryşynyň döwlet işiniň esasy bir bölegidigini, ýagny ýerine ýetiriji häkimiýetiniň hukuk, guramaçylyk meselelerini öwretmek bolup durýar. Türkmenistanyň dolandyryş hukugy dersini öwrenmeklik talyp ýaşlaryň hukuk taýdan sowatly, gözýetimleri giň, aňly-düşünjeli bolmaklary üçin ähmiýeti örän uludyr.

»Türkmenistanyň dolandyryş hukugy« okuw kitabynyň üsti bilen talyp ýaşlar Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda, adamlaryň we raýatlaryň konstitusion hukuklary we borçlary, Türkmenistanda dolandyryş edaralarynyň ulgamy, olaryň hukuk ýagdaýy, döwlet gullukçylary, jemgyýetçilik birleşikleri, we raýatlar hakyndaky maglumatlary alyp öz bilimlerini artdyrarlar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içerki we daşary syýasatynyň, »Döwlet adam üçindir!« milli şygarynyň many-mazmunyna, milli hukuk ulgamynyň we hal- kara-hukuk kadalarynyň özara baglanyşygyna düşünmeklige ýardam berer.

»Türkmenistanyň dolandyryş hukugy« dersi milli hukuk ulgamynyň häzirkizaman ösüş talaplaryna laýyklykda öwrenilmelidir, ýagny esasy çeşmeler hökmünde Hormatly Prezidentimiziň içerki we daşary syýasat baradaky çykyşlary, Hormatly Prezidentimiziň kitaplary, milli hukuk namalary, şeýle hem halkara tejribesini giňden ulanmalydyr.

»Türkmenistanyň dolandyryş hukugy« dersiniň baş wezipesi ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny gorap saklamakdan we üpjün etmekden, her bir raýatyň öz konstitusion hukuklaryna we borçlaryna dogry düşünmekden we ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

»Türkmenistanyň dolandyryş hukugy« dersi öwrenilen mahalynda dolandyryşyň umumy düşünjesi, döwlet dolandyryşynyň umumy düşünjesi we onuň aýratynlyklary, dolandyryş hukugynyň predmeti, dolandyryş hukuk kadalary we gatnaşyklary, dolandyryş hukugynyň subýektleriniň aýratynlykda hukuk ýagdaýyny, döwlet dolandyryşynyň usullary we görnüşleri, döwlet dolandyryş namalary, dolandyryş taýdan ynandyryş we mejbur ediş çäreleri, ýagny duýduryş öňüni alyş we temmi çäreleri, dolandyryş prosesi, dolandyryş iş ýöredişi hem-de döwlet dolandyryş sferasynda kontrollygyň (bar- lagyň) we tertip-düzgüniň berjaý edilişi barada giňişleýin degişli maglumatlar alyp bilerler.

»Dolandyryş hukugy« okuw kitaby ýeke bir hukuk ugrundan ýokary bilim alýan üçin peýdaly bolmak bilen çäklenmän, başga-da dolandyryş hukugy bilen gyzyklanýanlara hem hyzmat eder diýip umyt edýäris.