Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň iş meýilnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen bu ylmy monografiýa hukukçy ylmy işgärler, Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, aspirantlar we mugallymlar üçin peýdaly boljak nazary we amaly maglumatlary özünde jemleýär. Monografiýada raýat hukugynyň konstitusion ösüşi, ylmyň bu ugrunyň kanunçylyk we guramaçylyk esaslary, onuň hukuk öwrenişiň beýleki pudaklary bilen arabaglanyşygy, şonuň bilen birlikde nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygy baradaky döwrebap meseleler seljerilýär. Ylmy işde esasan hem raýat hukuk gatnaşyklarynyň nazaryýeti, institutlary, raýat hukugynyň obýektleri we subýektleri boýunça garaýyşlar giňişleýin we toplumlaýyn beýan edilýär. Bu ugurdan halkara tejribesi, daşary ýurt döwletleriniň degişli kanunçylyk namalary, kanunçykaryjylyk tejribesi deňeşdirme-hukuk usulynda seljerilip, raýat kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda ylmy-tejribe nukdaýnazaryndan esaslandyrylan teklipler hödürlenýär.