GIRIŞ
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbasçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň durnuklylygyny saklamak, jemgyýetiň jebisligini, asudalygyny we tertip-düzgüni üpjün etmek ýurt Baştutanymyzyň ýöredýän içerki we daşarky syýasatlarynyň esasy ugurlary bolup durýar. Bu taryhy wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzy mundan beýläkde üstünlikli ösdürmekde, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde döwlet we jemgyýet durmuşynda ylmyň we şol sanda hukuk ylmynyň has-da ösmegine uly mümkinçilikler döredi.
Häzirki zaman döwri hukuk ylmyndan öz işine ökde, giň gözýetimli ýokary hukuk medeniýetli, işde we durmuşda ýüze çykýan dürli çylşyrymly meseleleri çözmäge, guramaçylyk we ýolbaşçylyk wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyply hünärmeni talap edýär.
Seýle hünärmeniň hukuk bilimleri düýpli nazaryýet taglymatlaryna we durmuşy ösüşiň taryhy kanunylyklaryna içgin düşünmeklige esaslanmalydyr we hukuk döwletiniň syýasaty, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagynyň ýörelgeleri ýaly umumy ulgamlarda, şeýle hem döreýän aýry-aýry hukuk meselelerinden baş çykaryp bilmekde we dogry çözgüt kabul etmekde oňa ýardam bermelidir.
Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde raýat, jenaýat, administratiw we beýleki hukuk pudaklaryny öwrenmek bilen bir hatarda döwletiň hukuk goraýjy edaralarynyň işini hem öwrenmeklik zerurdyr.
Talyplaryň we döwletiň dürli edaralarynda we guramalaryň da işleýän hünärmenleriň ýurdumyzyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň doly we dogry ýerine ýetirilmegini üpjün edýän hukuk goraýjy edaralarynyň ulgamyny we gurluşyny, olaryň amala aşyrýan işlerini bilmegi möhümdir.
Bu bilimleriň geljekki hukukçy, ykdysadyýetçi we beýleki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekligi maksat edinip, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üçin okuw döwründe geçilýän hukuk derslerini özleşdirmekde wajyp ähmiýeti bardyr.
„Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary” okuw dersi hukuk goraýjylyk işi we ony amala aşyrmaga ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary barada umumy bilimleri berýär.
Dersi öwrenmekligiň maksady — talyplara we hünärmenlere ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ulgamy, gurluşy, olaryň işleriniň gurnalyşynyň ýörelgeleri, şeýle hem olaryň öz aralarynda we beýleki döwlet edaralary we döwlete dahylly bolmadyk guramalar bilen aragatnaşyklary barada takyk bilimleri bermeklik bolup durýar.