Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýetiniň (GIZ) "Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam" atly sebitleýin maksatnamasynyň çäginde şu ýylyň maý we iýun aýlarynda Merkezi Aziýanyň hukuk ulanyjylary üçin administratiw hukugy we iş ýöredişi boýunça tapgyrlaýyn webinarlary geçirildi.
Bu webinarlar hukuk meselelerinde bar bolan hyzmatdaşlygyň tejribesini kämilleşdirdi. Bu maslahata Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda "Administratiw ýustisiýa boýunça deňeşdirme-hukuk syny (Türkmenistan - Norwegiýa)" atly seminar geçirildi. Bu maslahatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory we institutyň ylmy işgärleri Türkmenistanda administratiw ýustisiýa ulgamynyň ösüşi we gazananlary barada çykyş etdiler.
Häzirki wagtda Türkmenistanda administratiw kanunçylygyny kämilleşdirmek üçin yzygiderli işler geçirilýär. 2017-nji ýylyň iýunynda kabul edilen, "Administratiw önümçilik hakynda" Türkmenistanyň kanuny we 2020-nji ýylyň oktýabrynda kabul edilip, 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda güýje girjek “Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksi” muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bu kadalaşdyryjy namalar işlenip düzülende administratiw önümçiligiň we iş ýöredişiň umumy ykrar edilen halkara kadalary, şeýle-de daşary ýurtlaryň oňyn tejribesi göz öňünde tutuldy.
Bu webinarda administratiw kanunçylygynyň ösüşine deňeşdirme syn geçirildi. Hünärmenleriň çykyşlary maslahata gatnaşan Merkezi Aziýanyň bilermenlerinde uly gyzyklanma döretdi.