2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda şu ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» tanyşdyrylyşy geçirildi.
Resminama 2016 - 2020-nji ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen şunuň ýaly Meýilnamanyň dowamy bolup, ýurdumyzda adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň, goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, bu ulgamdaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Forumda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan Hereketleriň milli Meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ähmiýeti nygtaldy. Hususan-da, döwlet guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriň adam hukuklaryny durmuşa geçirmek we bu ugurdaky halkara namalaryň kadalaryny ornaşdyrmak, öňdebaryjy hukuk tejribesini peýdalanmak boýunça işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy barada aýdyldy.
Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Adalatçynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda adam hukuklaryny üpjün etmek çygrynda degişli halkara düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Şu ýerde Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýewiň «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy» çygrynda eden çykyşynyň mazmunyny bellemek gerek:
— «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» şu ýylyň 16-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanmagy adam hukuklary çygryndaky kanunçylyk kadalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýolgörkezijidir. Täze Meýilnama geljek bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup hyzmat edýär.
Täze Meýilnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, döwlet syýasatynyň çäklerinde adam hukuklaryny goramaga, höweslendirmäge hem-de üpjün etmäge niýetlenen çäreleriň toplumynydyr usullaryny görmek bolýar. Onda bellenen wezipeler Türkmenistanyň häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde adam hukuklarynyň amala aşyrylmagy babatda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Meýilnamanyň birinji baby maksatdyr wezipeleriň 16-syny öz içine alýar. Ikinji bapda ony durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, olar şahsy we syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary goramakdan ybaratdyr. Täze Meýilnamanyň hukuk esaslary bolsa üçünji bapda beýan edilýär. Onda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» hukuk binýady konstitusion ýörelgelerden gözbaş alýar. Türkmenistan tarapyndan tassyklanan adam hukuklary ulgamyndaky halkara konwensiýalar, BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň jemleýji beýanlary hem onuň esasy düzüm bölekleridir. Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň anyklygy, netijeliligi we beýleki döwlet maksatnamalary bilen sazlaşykly utgaşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onda ýurdumyzyň hukuk ulgamynda, täze Meýilnamada adam hukuklarynyň berjaý edilmegine, bu ugurda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklaryny goramagyň görnüşleridir usullary babatda raýatlaryň hukuk sowatlylygynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döwrebap çäreler toplumy öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk-hukuk, eýeçilik görnüşine garamazdan, ähli kärhanalardyr guramalaryň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bilelikdäki tagallalary uly ähmiýete eýedir.