TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

ADAM HUKUKLARY WE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY

ADAM HUKUKLARY WE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY

2022-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (OHСHR) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň we BMGÖM-iň sebitleýin wekilhanasynyň guramagynda “Adam hukuklary we Durnukly Ösüş Maksatlary: Merkezi Aziýada adam hukuklary boýunça teklipleri Durnukly Ösüş Maksatlary bilen utgaşykly ýerine ýetirmek” atly geçirilen sebitleýin maslahata Institutyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň iş toparynyň we Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň agzalary hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Çäräniň maksady Adam hukuklary boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň teklipnamalary ýerine ýetirilende olary Durnukly Ösüş Maksatlary bilen utgaşdyrmagyň tejribesi bilen paýlaşmakdan ybarat boldy.