TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI

ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI

24-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Hereket edýän kadalaşdyryş hukuk namalaryna seljerme bermek, milli maksatnamalaryň taslamalaryny, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, adamlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişine gözegçilik etmek Pudagara toparynyň işiniň esasy ugry bolup durýar. Milli kanunçylygy umumy ykrar edilen hukuk kadalaryna laýyk getirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllarda Hereketleriň milli meýilnamasynyň, 2021-2025-nji ýyllarda gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň subutnamasydygy bellenildi.

Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagyna möhüm üns berildi. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, “Çaganyň hukugynyň döwlet kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň, BMG-niň çaganyň hukugy hakynda Konwensiýasynyň we çagalaryň bähbidine gönükdirilen beýleki ylalaşyklaryň ýörelgelerine we düzgünnamasyna esaslanýar.

Çykyş edenler ýurdumyzyň ýaş raýatlary hakyndaky aladanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar. Oňa laýyklykda, çagalaryň sazlaşykly ösüşine, beden taýdan sagdynlygyna, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine, olaryň durmuşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şeýle hem Pudagara toparynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.