2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda "Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky synyň" netijeleri bilen tanyşdyrmak boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa halkara guramalaryň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ylmy institutlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Bu syn "Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň" wezipeleriniň çäklerinde geçirildi. Gender deňligi, şeýle hem aýallaryň we çagalaryň saglygy baradaky maglumatlaryň ýygnalmagy we seljerilmegi döwlet syýasatynyň işlenip düzülmegine, durmuşa geçirilmegine goldaw bermek, bu meseläni ylmy barlaglaryň esasynda düýpli öwrenmegi höweslendirmek hem-de bu mesele barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerurdyr.
Mundan başga-da, bu syn Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi we Durnukly ösüş maksatlarynyň 5-nji maksadynyň wezipeleri boýunça milli gün tertibiniň çäginde ösüşe monitoring etmek üçin möhümdir.