TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr iş sapary bilen Aşgabada geldi.

5-nji iýulda jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşaýyş durmuşynyň we önümçiligiň ileri tutulýan ähli ugurlarynyň özara baglanyşygy hem-de olary bir wagtyň özünde ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli, sebit we halkara derejelerde Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilen anyk ädimler sanalyp geçildi. Gender deňligi, azyk üpjünçiligi, durmuş ösüşi, sanlylaşdyrmagy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi goldamak babatda döwlet meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzda milli hem-de sebit derejesinde jemgyýetçilik işjeňliginiň ähli görnüşlerinde zenanlaryň ornuny güýçlendirmek we gender deňligi ugrunda uzak möhletli maksatnamalaryň çäklerinde amaly taýdan edilmeli işlere aýratyn üns berilýändigini belledi.

Hususan-da, Türkmenistan gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ikinji bäşýyllyk hereketleriň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Bu resminamanyň çäklerinde, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, esasan hem, «BMG — Zenanlar» düzümi, Ilat gaznasy, Ösüş Maksatnamasy, Çagalar gaznasy bilen bilelikde Pekin Jarnamasynda we Hereketler platformasynda beýan edilen birnäçe möhüm ugurlarda degişli işler alnyp barylýar.

BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary Türkmenistanyň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça meselelere öňdengörüjilikli we jogapkärçilikli çemeleşmesine ýokary baha berýärler hem-de geljekde-de biziň ýurdumyz bilen ýakyndan bilelikde işlemegi maksat edinýärler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu hyzmatdaşlyk ählumumy abadançylyga we ösüşe, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.