TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Institut bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde BMGÖM-iň möhüm orny nygtaldy hem-de bilelikdäki amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çärelere seredildi.

Şeýle hem, Institut bilen BMG-iň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň 2022-nji ýylda meýilleşdirilen çäreleri we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.