2021-nji ýylyň 4-5-nji noýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde administratiw hukugy boýunça “Subutnama we administratiw hukugynda subut etmek” atly XII halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Bu maslahata sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Türkmenistanyň administratiw kanunçylygy boýunça subutnamalaryň ulanylyşy barada wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi we milli administratiw kanunçylygyň ösüş ugurlaryny beýan etdi.