2021-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 16-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Ilat gaznasy we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde Gender deňligi bilen bagly meseleler boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine syn bermek üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde birnäçe “tegelek stol” maslahatlary geçirildi. Onlaýn görnüşde geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýat we şäher häkimliginiň wekilleri, Bilim, Saglygy goraýyş, Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň we adwokatlar kollegiýasynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri - Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Milli bilermenler maslahata gatnaşyjylara gender deňligi bilen bagly meseleleriň ähli çygyrlary, Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara borçnamalary, Aýallar babatynda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýasynyň jemleýji maslahatlary, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdyrdylar we olary durmuşa geçirmegiň we gözegçilik etmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatda, esasanda oba ýerlerde ýaşaýan aýallaryň, ykdysady hukuklary we mümkinçilikleri şeýle hem aýallaryň we erkek adamlaryň, ýetginjek oglanlaryň reproduktiw hukuklary we reproduktiw saglygynyň üpjün edilmeginde jemgyýetçilik guramalarynyň orny barada hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň üsti bilen gender deňligini berkitmek bilen bagly meseleler seredildi. Maslahata gatnaşyjylar aýal telekeçiliginiň ösüşini höweslendirmek we zähmete ýokary derejeli hak tölenilýän pudaklara aýallaryň gatnaşmagyny giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu işde Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesini has-da gowulandyrmak üçin teklipleri hödürlediler.
Meýilnamanyň amala aşyrylmagy jemgyýetiň, ýaşaýşyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga, Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmek ugrundaky halkara borçnamalaryna, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna, 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň agentlikleriniň ýurt boýunça maksatnamalaryna laýyklykda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Şeýle-de, Meýilnama Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş çygrynda halkara Gün tertibiniň maksatlaryna we wezipelerine ýetmäge ýardam berýär.