2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň gün tertibinde zähmet gatnaşyklary çygryndaky milli kanunçylygyň ösüşi, Türkmenistanyň kanunçylygyna Türkmenistanyň goşulyşan 10 sany konwensiýalarynyň kadalarynyň ornaşdyrylyşy barada Institut tarapyndan beýan edildi. Şeýle-de, häzirki döwürde edaralarda, kärhanalarda, guramalarda, zähmet gatnaşyklarynyň guralyşy, zähmeti guramakda döwrebap tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy. Halkara guramasynyň wekilleri Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň göz öňünde tutulandygy bellenildi.