TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

INSTITUT TARAPYNDAN NEŞIR EDILÝÄN “DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAP EDILDI

INSTITUT TARAPYNDAN NEŞIR EDILÝÄN “DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAP EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žur­na­lyň no­bat­da­ky sa­ny çap­dan çykdy. Ol hor­mat­ly Pre­zi­dentimiziň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen başlanýar.

Žurnalda “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň umumy häsiýetnamasy we aýratynlyklary” atly çap edilen makalada kodeksi kybap getirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. “Ýaşlar: bilim almaga bolan hukugyň amala aşyrylyşy”, “Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy” atly makalalarda ýaş nesillere bilim bermek, hemmetaraplaýyn ösdürmek, çaganyň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalar barada beýan edilýär.

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy”, “Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ähmiýetli orny”, “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri” atly makalalar žurnalyň şu sanynda okyjylara hödürlenildi.

Neşiriň nobatdaky sanyny “Senenama” bölümi jemläp, onda duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.