“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy: döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” - şu şygar bilen 17-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygy gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli guramalaryň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak üçin kanuny esas hökmünde Döwlet Konstitusiýasyny ösdürmekdäki uly tagallalaryny aýratyn belläp geçdiler. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen iki palataly Parlament ulgamyna geçiş döwri türkmen döwletiniň ösüşinde taryhy ädim boldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň direktory we ylmy işgärleri çykyş edip, ýurduň kanunçylygyny ösdürmekde Konstitusiýanyň uly ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler. Maslahatdaky çykyşlaryň käbirini okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik:
“Ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goraglylygy” - Muhammedowa Sülgün, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň ylmy işgäri.
- Türkmenistanda ýaşlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti durmuş taýdan kemala getirmek, ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhuny döretmek, Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli düşünmegini gazanmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlary bolup durýar. Nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwletli başlangyçlar, asylly işler, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
“Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň konstitusion hukuk esaslary” - Paşşyýewa Uzukjemal, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň ylmy işgäri.
- Türkmenistanda tebigaty goramak, suw we biologik serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak babatdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, tebigaty goramak barada kabul edilýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar, şeýle hem ýer, suw, tokaý we ýerasty baýlyklar hakyndaky, atmosfera howasyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakyndaky kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly düzgünleşdirilýär. Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň esasy maksady suwlardan rejeli, toplumlaýyn peýdalanmagy, olary tygşytly sarp etmegi, goramagy, hil ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny üpjün edip peýdalanmakdyr. Türkmenistanyň suw kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen sazlaşykly ösdürilýär. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen hukuk kadalaryny durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Ylmy-amaly maslahat häzirki zaman türkmen jemgyýetini we döwletini öwrenmäge goşant goşdy, gazanylan üstünlikleri we ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny beýan etdi. Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimizе ýüzlenme kabul edildi.