TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

MILLI SYNYŇ NETIJELERINI TANYŞDYRMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOL MASLAHATLARY

MILLI SYNYŇ NETIJELERINI TANYŞDYRMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOL MASLAHATLARY

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky “Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek” atly 2022-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde Mary şäherinde “Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy baradaky synyň” netijelerini tanyşdymak boýunça tegelek stol maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem, agzalan tema boýunça tegelek stol maslahatlary Daşoguz şäherinde (18-19-njy awgustda), Änew şäherinde (22-nji awgustda), Türkmenabat şäherinde (24-25-nji awgustda), Aşgabat şäherinde (26-njy awgustda), Balkanabat şäherinde (29-30-njy awgustda) geçiriler.