TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝÖRELGELERI ESASYNDAKY HYZMATDAŞLYK

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝÖRELGELERI ESASYNDAKY HYZMATDAŞLYK

2021-nji ýylyň 10-njy iýunynda paýtagtymyzyň Adalat köşgüniň mejlisler zalynda döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy — parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda geçirilen bu maslahat Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan gurnaldy.

 Maslahata Türkmenistanda hereket edýän halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň  professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly forumyň gün tertibine adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, döwletliligi we milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda kanunlaryň hökmürowanlyk ýörelgelerini pugtalandyrmak hem-de raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler bellenildi. Adamlaryň abadançylygy we durmuş taýdan goraglylygy ýurduň ösüş derejesiniň esasy görkezijisi bolup durýar.

Şeýle hem, çykyşlarda ýurdumyzda hukugy öwreniş ulgamynda geçirilýän ylmy-barlag işiniň esasy maksadynyň adam üçin amatly gurşawy döretmekden ybaratdygy nygtaldy. Adam döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan edildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan kuwwatly, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini kepillendirýän berkarar döwlete öwrüldi. Soňky ýyllarda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmakda möhüm ädimler ädildi, giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi türkmenistanlylaryň ählumumy goldawyna eýe boldy.

 Demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwletiň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça işjeň we maksatnamalaýyn işler dowam etdirilýär. Ýurdumyz döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesi hökmünde halkymyzyň erk-islegine daýanýar. Ählihalk ara alyp maslahatlaşmasyndan soň, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanuna laýyklykda, kanunçykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan täze wekilçilikli edara — Milli Geňeş döredildi. Ol iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr. Iki palataly parlamentiň döredilmegi türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň, halkymyzyň döwleti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň, raýatlaryň jemgyýetçilik aň-düşünjesini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Türkmenistan adam hukuklary hem-de azatlyklary ulgamynda halkara-hukuk konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň ençemesine gatnaşýar hem-de bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny birkemsiz ýerine ýetirýär. Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy.  

Dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiziň tekliplerini, şol sanda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldamagy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn syýasy ugrunyň giň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasynda berkidilen başlangyç türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we özara düşünişmek ýörelgelerine ygrarlydygynyň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň wekilleri öz çykyşlarynda milli Liderimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar hem-de soňky ýyllarda adam hukuklary ulgamynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini kanagatlanma bilen bellediler. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bolsa şol syýasatyň durmuş ugurlydygyny alamatlandyrýar.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň çäklerinde beýan edilen ylmy-amaly garaýyşlaryň milli hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.