TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI

16-njy aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine pudagara toparyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler baradaky meseleler girizildi.

Hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Hukuk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de adam hukuklary we azatlyklary babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň doly amala aşyrylmagy, hereket etmegiň degişli milli maksatnamalarynyňdyr meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň has giň gerime we netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen meýilnamalardan ugur alyp, toparyň, döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň adam hukuklaryny üpjün etmek we halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny ýerine ýetirmek babatda geljekki işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen adam hukuklary ýaly möhüm ugurda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigine hem-de geljekde-de bu işleri amala aşyrmagy maksat edinýändigine üns çekildi. BMG-niň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyz wajyp halkara hukuk namalaryna goşuldy we olaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri görýär.

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu syýasatyň özenini düzýär. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanmak arkaly, ol häzir täze many-mazmuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyga mahsus ösüş depgini, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine işjeň gatnaşmagy, bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleri çözmekde anyk goldaw bermäge çalyşmagy bilen şertlendirilendir. Bu garaýyş, umuman, türkmen döwletiniň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edildi we goldawa eýe boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mundan başga-da, ýurdumyz bu guramanyň abraýly edaralaryna — BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de onuň Durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň, Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine hem-de beýlekilere ençeme gezek agzalyga saýlandy.

Kanunçylyk döwrebaplaşdyrylanda, halkara guramalar bilen gatnaşyklara hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen milli kanunçylygyň sazlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we dünýäniň hukuk ulanyş işiniň binýatlyk ýörelgeleri nazara alnyp, hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelerde aýdyň beýanyny tapýar.

Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda hereket edýän kanunlary seljermek, degişli teklipleri taýýarlamak, ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak wezipeleri bar. Mejlisde bu düzümiň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna garaldy hem-de meýilleşdirilen çäreleri anyk durmuşa geçirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.

Degişli Kararlar bilen tassyklanylan “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler ara alyp maslahatlaşyldy.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň esasy wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Onuň 17 maksadynyň ählisini Türkmenistan resmi taýdan kabul etdi hem-de şolary durmuş-ykdysady ösüş babatda milli meýilnamalara we strategiýalara, şol sanda adamyň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly wezipelere laýyk getirdi.

Halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň we berkitmegiň möhümdigi nygtaldy. Okuw maslahatlarynyň, duşuşyklaryň hem-de BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda, milli hasabatlary, synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy iş tejribesini öwrenmek boýunça geňeşmeleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Mejlisde beýleki meselelere-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.