TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu ýokary derejeli duşuşyk bilen bir wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň birinji forumy, Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň tagamlarynyň sergisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

Bäş döwletiň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şonuň ýaly-da möhüm sebit we halkara ugurlara degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.