2021-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda ýurdumyzda demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek hem-de döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmekde halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň giň gerime we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alyp, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini ornaşdyrmak babatynda alyp barýan işlerini kämilleşdirmek boýunça geljekde ýerine ýetirilmeli wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň barşynda öňde durýan wezipeleri, şol sanda Pudagara toparyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we onuň düzüm bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.
Mejlisde beýleki meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.