Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Halkara adam hukuklary güni mynasybetli bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşik, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara hukugyny öwrenýän talyplarynyň arasynda geçirilýär.
Bäsleşigiň esasy temalary:
– Adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň orny;
– Adam hukuklaryny goramagyň halkara we milli gurallary;
– Adam hukuklary babatynda halkara hyzmatdaşlygy;
– Adam hukuklary babatynda halkara hukuk kadalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegi.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini Times New Roman 14 şriftinde, türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde hödürlemeli. Makala 5 sahypadan köp bolmaly däl (çyzyk aralygy - 1.5) we ol ýazylanda, hiç bir çeşmelerden göçürilmedi däl.
Her bir işde awtoryň ady, okuw jaýynyň ady we habarlaşmak üçin maglumat (e-poçta; telefon belgisi) bolmaly.
Makalalar 2021-nji ýylyň 7-nji dekabryndan gijä galman, elektron poçta arkaly iberilmelidir: undptm@gmail.com.
Hasabatlara 10 ballyk ulgam arkaly aşakda görkezilen ölçeglere laýyklykda baha berler:
- Ähmiýeti;
- Mazmuny;
- Teklipler.
Işlere baha bermek we ýeňijileri saýlamak üçin aşakda görkezilen edaralaryň wekillerinden ybarat bolan eminleriň topary dörediler:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
- Türkmenistanyň Adalat ministrligi
- Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
- Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
- Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
- BMGÖM (milli geňeşçi we 1 halkara geňeşçi).
Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň binasynda dabaraly ýagdaýda yglan ediler, ýeňijilere şahadatnamalar we baýraklar gowşurylar.