TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY WE ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASY BILEN BILELIKDE DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERINE SERTIFIKATLARY GOWŞURYŞ DABARASYNY GEÇIRDILER

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY WE ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASY BILEN BILELIKDE DÖM-NYŇ ÝAŞ ILÇILERINE SERTIFIKATLARY GOWŞURYŞ DABARASYNY GEÇIRDILER

Şu ýylyň dekabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň DÖM-nyň ýaş ilçileri Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Maýilnamasyna baha bermeklige öz goşandygyny goşmak üçin, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden bolan çagalar we maşgalalar bilen onlaýn- we göçme fokus-toparlary geçirdiler. Mejlisleriň öň ýanynda DÖM-nyň ýaş ilçileri milli maksatnamalara baha bermek we ÝUNISEF-iň halkara maslahatçysy goldamak üçin, ata-eneler we çagalar bilen fokus-toparlarda ara alyp maslahatlaşmalary geçirmek boýunça treninge gatnaşdylar. Ýaşlaryň ýurdumyzda çaganyň hukuklaryny öňe sürmeklik bilen bagly geçirilýän syna çekilmegi sebit we ählumumy derejelerde öňdebaryjy tejribe bolup durýar we Türkmenistan ilkinji gezek şeýle çemeleşmeleri ullandy.

        —  Türkmenistanyň dürli künjeklerinden bolan adamlar bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligi barlaglary we baha beriş hasabatlaryny geçirmekde zerur endikleriň edinilmegine ýardam berdi. Men şu möhüm başlangyjyň bir bölegi bolmaga we çagalaryň hukuklarynyň goragyna goşant goşmaga şat, - diýip Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby hem-de DÖM-nyň ýaş ilçisi Gunça Annageldiýewa öz duýgularyny paýlaşýar.

         2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistandaky ÝUNISEF hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty DÖM-nyň ýaş ilçilerine sertifikatlary gowşuryş dabarasyny geçirdiler.

        — Türkmenistanyň ýaşlarynyň bu işe işjeň gatnaşandyklaryny bellemek ýakymlydyr, - diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, jenap Mohammad Faýazi belledi. Sylaglamak dabarasyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.