TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

WATANYMYZYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ 30 ÝYLLYGY WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT

WATANYMYZYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ 30 ÝYLLYGY WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT

2022-nji ýylyň 17-nji maýynda, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, alymlar we syýasatşynaslar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň umumy mejlisinde milli buýsanjymyz, milli döwletlilige eýe bolmagymyzyň nyşanlary, türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularyny, döredijilik ruhuny, zähmet joşgunyny artdyrýan mukaddesliklere – Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Döwlet baýdagyna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.

Şeýle hem çykyş edenler "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň" ähmiýetini bellediler. Şu babatda hem ata Watanymyzyň we daşary ýurtlaryň döwlet gurluşyndaky halkara hukugynyň nazary hem-de amaly gazananlarynyň iň oňat nusgalaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasy amala aşyrylýan durmuş we demokratik özgertmeleriň nusgasy we onuň esas bolmagyna gönükdirilendir diýip, foruma gatnaşyjylar nygtadylar.

Çykyş edenler baý taryhy tejribä hem-de milli däplere daýanyp, ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyzlygy pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşe, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, oňyn halkara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellediler.

Çykyşlarda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň konsepsiýasyny has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.

Günüň ikinji ýarymynda maslahat bölümçelerdäki mejlisler arkaly işini dowam etdi. Şolarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň iş ýüzünde amala aşyrylyşy baradaky meselelere bagyşlanan birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Maslahatyň ahyrynda ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenme kabul edip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak baradaky hemişelik aladasy, ýurdumyzy ösüşiň täze sepgitlere çykarandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekip, Durnukly ösüş maksatlary babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.