2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýetginjekler babatda adyl kazyýet boýunça tegelek stol maslahatlaryna Institutyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle-de maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň, Içeri işler, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň maksady ýetginjekler babatda adyl kazyýet ulgamy we Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň halkara ülňülerine laýyklygy boýunça synyň deslapky netijelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.