TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky 2022-nji ýylyň 2-nji sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde taýýarlanylan bu neşir ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini şöhlelendirýär. Žurnalyň bu sany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň “BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary” atly makalasy bilen başlanýar. Makalada BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen adam hukuklarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek babatda uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barylýandygy bellenilýär.
Žurnalyň bu sanynda okyjylara BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Narteanyň “Çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 – 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmagyň ösüşi we täze meýilnamanyň taýýarlanylmagynyň geljegi” atly makala hödürlenilýär. “Gender deňligi we demokratik jemgyýetiň ösüşi” atly makala zenanlaryň mümkinçiliklerini hem-de olaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady durmuşa gatnaşygyny giňeltmek meselelerine bagyşlanýar. “Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adam hukuklarynyň goraglylygynyň kepillikleri we raýat jemgyýetiniň ösüşi” atly makalada ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan demokratik özgertmeler barada gürrüň berilýär. “Administratiw kanunçylygy amala aşyrmakda sanly ulgamyň orny” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda ösüşiň esasy guraly – ählumumy tehnologik özgertmeler beýan edilýär.
“Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilişi” atly makalada ýaş nesliň zehin mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açmak meselesine deglip geçilýär. Syýasy-ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda halklaryň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege düşünişmegi talap edýär we munuň özi, ilkinji nobatda, dil ulgamynda öz beýanyny tapýar. “Hukuk mazmunly tekstleriň iňlis dilindäki leksiki aýratynlyklary” atly makala hut şu meselä bagyşlanypdyr. “Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň ýoly bilen” atly makalada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň özygtyýarly döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylmagynyň aýdyň subutnamasy bolandygy nygtalýar. Döwletimiziň üns merkezinde bolan ekologiýa babatda kanunçylyga hem aýratyn makala bagyşlanýar.
Neşir “Hronika” bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar hem-de beýleki çäreler beýan edilýär.