2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda “Özbegistan: bäş ýylyň okgunly reformalary” atly halkara maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory gatnaşdy we “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli hukuk ulgamynyň ösüş ugurlaryndaky umumylyklar we aýratynlyklar” atly tema boýunça çykyş etdi.
Çykyşda raýat kanunçylygynyň mysalynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hukuk ulgamlarynyň ösüşine seljerme berildi. Bazar ykdysady gatnaşyklaryny, şol sanda halkara hyzmatdaşlygyny düzgünleşdirmegiň Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alýandygy beýan edildi. Taryhy döwürleriň synagyndan geçen söwda düzgünleri we däp-dessurlary häzirki zaman şertnama gatnaşyklarynyň özeni bolup durýar. Beýik ýüpek ýolunda döredilen durnukly halkara söwda däp-dessurlary häzirki zaman söwda kadalary üçin esas bolup hyzmat edýär.
Merkezi Aziýada kanunçylygyň ösüşiniň seljermesi umumylyklary we her ýurduň kanunçylygynyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin hukuk ulgamlarynyň sazlaşygyna gönükdirlendir.