TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2021 — 2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASY” TASSYKLANYLDY

“TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2021 — 2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASY” TASSYKLANYLDY

Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we berjaý etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Ýurtda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek Türkmenistanda adamlar üçin has amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek maksatlarynda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi bolup durýar.

Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksadyndan ugur alyp, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy” tassyklanyldy.

Täze meýilnama geljekki bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup çykyş eder.