TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY

ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY

2022-nji ýylyň 18-20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly taslamanyň çäklerinde adam hukuklary boýunça okuw maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Adalat, Bilim, Içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň, Milli bilim institutynyň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, degişli ýokary okuw mekdepleriň, Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň wekilleri we BMGÖM-iň halkara bilermeni Aýgül Kulnazarowa gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda adam hukuklary boýunça okuw maksatnamalary we gollanmalary taýýarlamak bilen bagly halkara tejribesi seljerildi we bu tejribäni bilim maksatnamalaryna ornaşdyrmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.