TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

AŞGABATDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLYKLYK ETMEGINDE DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI

AŞGABATDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLYKLYK ETMEGINDE DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň köp sanly işgärleri, il sylagly ýaşulular, mähriban eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem, bu forumyň işine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatynda Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk hem berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeler kesgitlendi. Içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz ösüşiniň täze onýyllyklaryny öz içine alýan täze döwre gadam basdy. Strategik ösüşe esaslandyrylan giň gerimli özgertmelerimizi amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkidýäris. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen täze, has belent wezipeler durmuşa geçirilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow raýatlarymyzyň her biriniň ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant goşýandyklaryny belläp, ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini göz öňünde tutup hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzyň birnäçesi döwlet sylaglary bilen sylaglandy.

Döwlet Baştutanymyz umumymilli foruma gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň halkyny golaýlap gelýän Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.