TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

METBUGAT SOWATLYLYGY BOÝUNÇA MASLAHAT

METBUGAT SOWATLYLYGY BOÝUNÇA MASLAHAT

2022-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça  2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäklerinde metbugat sowatlylygy boýunça onlaýn maslahat geçirildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halkara we milli bilermenler gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar halkara we milli bilermenler bilen bilelikde metbugat sowatlylygynyň aýratynlyklaryny, onuň esasy elementlerini, metbugat sowatlylygy boýunça taslamalary we onuň ösüş infrastrukturasyny maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, maslahatyň dowamynda Türkmenistanda metbugat sowatlylygy we onuň öňünde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.