TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ AGZALARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA MASLAHAT GEÇIRILDI

PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ AGZALARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde çaganyň hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny taýýarlamak boýunça maslahatlar geçirildi.

Maslahatlara Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň iş toparynyň agzalary gatnaşdylar.  

Täze meýilnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen ileri tutulýan ugurlar, şeýle hem Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyndan alnan esasy maslahatlaryň esasynda taýýarlanylýar.