2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem halkymyzyň «Görogly» şadessany (2015), «Küştdepdi» aýdym-saz sungaty (2017), halyçylyk sungaty (2019) hem-de dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty (2022) ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeledi.
Köpmilletli «Nowruz baýramy» hödürnamasyna 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Addis-Abebada (Efiopiýa) geçirilen Maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 11-nji mejlisiniň barşynda seredildi we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistan Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak maksady arkaly ÝUNESKO bilen işjeň özara hyzmatdaşlygy dowam edýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça dostlukly ýurtlar bilen bilelikde, şu ýyl türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, şeýle hem molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.