6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen yglan edilen “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: döredijilikli zähmetiň we adam hukuklarynyň durmuşa geçirilişiniň ýörelgeleri” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň başynda žurnal hem-de web saýtlar arkaly şu bäsleşik yglan edildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň bilim, ylym edaralaryndan hukuk goraýjy ulgamlaryň hünärmenlerinden köp sanly makalalar gelip gowuşdy. Şol makalalaryň gowy hasaplananlary “Demokratiýa we hukuk” žurnalynda çap edildi. Bäsleşige gelip gowşan makalalaryň nazary we tejribe nukdaýnazardan has tapawutlananlaryny emin agzalary ýeňijiler diýip saýladylar.
Bäsleşigiň maksady milli kanunçylygyň ösüş ugurlaryny hem-de döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini, kanunçylyk ulgamynda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillendirilişini, hukuklaryň durmuşa geçirilişini giň halk köpçüligine ýetirmekden ybarat boldy.
Bäsleşige gatnaşanlaryň işleri Türkmenistanyň kanunçylygynyň we halkara hukugynyň kadalarynyň sazlaşygynyň üpjün edilmegine, çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine, ulag diplomatiýasynyň, şeýle hem deňiz ulag pudagynyň ösdürilmegine we onuň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine, ekologiýa maglumaty hakynda kanunçylyk binýadynyň ösüş ugurlaryna bagyşlandy. Şeýle hem bäsleşige administratiw kanunçylygy amala aşyrmakda sanly ulgamyň ornuny, hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda ahlak kadalarynyň ähmiýetini, adwokatyň hünär etikasynyň aýratynlyklaryny ylmy-amaly esasda açyp görkezýän makalalar hödürlenildi.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk kafedrasynyň uly mugallymy Dürli Ballyýewa “Milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň kadalarynyň sazlaşygy” atly makalasy bilenbirinji orna mynasyp boldy.
Ikinji orny Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jenaýat-hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy Döwran Karajaýew “Hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda ahlak kadalarynyň orny” atly makalasy bilen, üçünji orny bolsa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň aspiranty Mähri Synykowa “Deňiz ulag pudagy boýunça hukuk kadalarynyň ähmiýeti” atly makalasy bilen eýelediler.
Ýeňijilere hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.