Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän bu žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşy bilen açylýar. Öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny yzygiderli berkitmäge, onuň halkara abraýyny belende galdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleri, içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynykesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şoňa görä-de, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlaryna garamazdan, bu gün jemgyýetçilik-syýasy, durmuşykdysady özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Uzak möhletleýin we orta möhletleýin geljegi nazara alyp kabul edilen meýilnamalar, döwletimiziň, jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyny ösdürmegiň milli we halkara hukuk esaslary” atly makalada gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösen dünýä tejribesini öwrenmegiň hasabyna milli derejede ykdysady-önümçilik işini guramagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), “ýaşyl” energetika meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň orny nygtalýar.
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sanynda hukuk meseleleri boýunça birnäçe makalalar çap edilipdir. “Hukuk medeniýeti: ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmakda kanunçylyk ulgamy barada wagyz-nesihatyň ähmiýeti” atly makalada ýaşlary ruhy-ahlak we beden taýdan terbiýelemek barada gürrüň edilýär. Olaryň hukuk habarlylygynyň ýokarlandyrylmagyna, hukuk aňyýetiniň kemala getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. “Adamyň ruhy-ahlak garaýşy we hukuk medeniýeti näçe kämil bolsa, onuň hukuk bilimleriniň hili we ondan akylly-başly peýdalanmagy, kanuna hormat goýmagy, hukuk kadalaryny amal etmäge taýýar bolmagy, kanunyň we hukugyň ileri tutulmagyny gazanmak babatda işeňňir gatnaşmagy netijeli häsiýete eýe bolýar” diýlip, makalada bellenilýär.
“Hukuk bozulmalarynyň öňüni almakda ahlak kadalarynyň orny” atly makala kanuny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan çärelere bagyşlanypdyr. Makalada iş ýerlerinde we durmuşda tertip-düzgüni pugtalandyrmak boýunça guramaçylyk-terbiýeçilik işleri, durmuş-ykdysady we ideologik meseleleriň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly ugurlara deglip geçilýär.
“Adwokatyň hünär etikasy” atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda raýatlaryň bähbitleri goralanda, hukukçylaryň kanuna ygrarlydygyny talap edýän hünär etikasy, döwletiň her bir raýatyň kanunyň öňünde deňligini kepillendirmegi bilen baglylykda, olaryň dogruçyllygy we tutanýerliligi barada aýdylýar. Makalada hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen çärelere işjeň gatnaşmak, adalatly çözgüdiň kabul edilmegi üçin tagallalary etmek, bu ugurda wagyz-nesihat işini geçirmek ýaly adwokatlyk işiniň esasy ugurlaryna üns çekilýär.
“Deňiz ulag pudagy boýunça hukuk kadalarynyň ähmiýeti” atly makalada deňiz ulag ulgamynyň ykdysady-guramaçylyk we hukuk-guramaçylyk babatda ýurdumyzyň ykdysady düzümlerini halkara ulag ulgamy bilen baglanyşdyrýan halkadygy barada aýdylýar.
Neşir “Senenama” bölümi bilen tamamlanýar. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen duşuşyklar, mejlisler, okuw maslahatlary we beýleki çäreler beýan edilýär.