TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

2025-nji ýyl üçin iş meýilnama gol çekildi

2025-nji ýyl üçin iş meýilnama gol çekildi

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNISEF 190 ýurtda, şol sanda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny öňe sürýän we goraýan guramadyr.1994-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýar. ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlyklykda ilatyň abadançylygy, durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin zerur şertleriň düzedilmegi ýaly ugurlara, şeýle hem çagalaryň saglygyny goramak, olaryň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek bilen bagly meselelere möhüm orun degişlidir.

Gol çekmek dabarasynda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy, inklýuziw bilim almagy babatda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylmagyny belledi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň arasynda saglygy goraýyş, bilim, çagalaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilişi, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça 11 sany resminama gol çekildi.