2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik Adam hukuklary boýunça Ählumumy Jarnamanyň 75 ýyllygy we Wena Jarnamasynyň we Hereketler Meýilnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Emin agzalarynyň toparyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň şeýle hem BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri girizildi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijilere şahadatnamalar we gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuruldy.